Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: “Kart, pul problemasy sebäpli okap bilmeýäris”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hormatly Arkadag!

Biz belarusýada okaýan talyplar wiza kartlarymyzdan hiç hili pul alyp bilemizok bize gaty kyn. Wiza kartlarymyz hiçem işlanok. men eýýam birnäçe günden bäri anokom iýip ýörün.

Читайте также на русском

Şu gün anokom almagada pulum galmady. Hawwa bu taýda dostlarymyz tanyşlarymyz bar, emma olardan hem her gün çörek soramaga bir hili görýan. Kawagty iymage hiç zat yok wagty oglanlaryn yanyna baryp, çöregin bamy dost diyyas, yöne magazine gitmage yaltanyan diyyayan, emma magazine gitmage yaltanamyzok kartlarymyzdan pul cykarmak problema.

Pulumyz hem yok, bu ýerde hem is yok, eger is bolsa, islap günumizi görsek. Türkmenistanda bir zatlar edip günuni gorse bolya, mal gara, gök önümler, ummuman hor bolmazdyk Turkmenistanda bolanymyzda, emma biz daşary yurtlarda okap ýorüs.

Bize bu taýda gaty kyn, iş ýok, pul ýok şol pul problemasy bilen durs okuw hem okap bilmeýäs. Haýyş sizden, bize dasary yurtdaky studentlere azajyk kömek edin azajyk, sizin azajyk komeginiz bilen biz okap bilimli, Watanymyza ýurdumyza gerekli adamlar hünarmentler bolup nesip bolsa ýurdumyza dolanarys.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG