Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Orsýetiň habar agentliginiň žurnalisti tussag edildi


Ukrainanyň kartasy

Ukrain Milli howpsuzlyk gullugynyň (SBU) ofiserleri Orsýetiň “RIA Nowosti” habar agentliginiň Ukrainadaky edarasynda gözleg işlerini geçirdi we media serişdesini Kiýewe garşy “kiber informasiýa urşuna” gatnaşmakda aýyplap, bir žurnalisti tussag etdiler.

“RIA Nowosti” habar serişdesiniň Ukrainadaky edarasynyň işgärleri Orsýetiň raýaty Kiril Wyşinskiýniň 15-nji maýda Kiýewde, öýüniň golaýynda tussag edilendigini aýtdylar.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň metbugat wekili Olena Hitlýanska Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Wyşinskiýniň tussag edilendigini tassyklady, ýöne munuň jikme-jiklerini aýdyňlaşdyrmady.

Mundan öň, Hitlýanska özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda “RIA Nowosti” habar agentliginiň Ukrainadaky edarasynda gözlegleriň geçirilendigini ýazdy.

2014-nji ýylda Orsýetiň Krym ýarymadasyny basyp almagy we onuň separatistlere beren goldawy netijesinde Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky gatnaşyklar ýiti ýaramazlaşdy.

XS
SM
MD
LG