Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kwettada terror hüjüminiň öňi alyndy


Kwettadaky pakistanly esgerler

Pakistanyň howpsuzlyk gulluklary ýurduň günorta-günbataryndaky Kwetta şäherinde uly terrorçylykly hüjüminiň öňüni alandyklaryny mälim etdiler.

Harbylar hüjümde ýarym-harby serhet goşunlarynyň ýerli edarasynyň nyşana alnandygyny aýtdylar.

“Janyndan geçen bäş hüjümçili ulag binanyň içine girmekçi boldy. Esgerler terroristlere ot açyp, olary öldürdiler” diýip, beýanatda aýdylýar.

Ok atyşykda dört esgeriň ýaralanandygy hem mälim edildi.

XS
SM
MD
LG