Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak saýlawlarynda şaýy ruhanysy Sadryň ýaranlygy ýeňiji boldy


Muktada al-Sadr
Muktada al-Sadr

Ýurduň Saýlaw komissiýasrnyň 19-njy maýda yglan eden soňky netijelerine görä, täsirli şaýy ruhanysy Muktada al-Sadryň ýaranlygy Yragyň parlament saýlawlarynda iň köp orun aldy.

Premýer-ministr Haýdar al-Abadiniň blogyny üçünji orunda goýan resmi netije 12-nji maýda geçirilen umumy saýlawlardan bir hepde soň çap edildi.

Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýalar bilen baglanyşykly kandidatlar topary parlamentde ikinji orny eýeledi. Iň ýokary üç toparyň hiç biri saýlawda parlamentde 50 prosentden köp orun alyp bilmedi.

Bu Yragyň 2005-nji ýyldan bäri geçirilen ilkinji köppartiýaly saýlawy bolup, oňa gatnaşyk 44,5 prosent boldy.

Hökümet düzmek meselesi aýlara çeker öýdülýär.

XS
SM
MD
LG