Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal özbek hukuk goraýjysy Wasila Inoýatowa 62 ýaşynda aradan çykdy


Wasila Inoýatowa
Wasila Inoýatowa

Tanymal özbek hukuk goraýjysy, syýasy tussaglar bilen işleşen we Merkezi Aziýa ýurdunda mejbury zähmetiň berk tankytçysy bolan aktiwist aradan çykdy.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmeleri 19-njy maýda Wasila Inoýatowanyň irden, Daşkentde içki ganama zerarly geçirilen operasiýa mahalynda ýogalandygyny aýtdylar.Ol 62 ýaşyndady.

Inoýatowa uzak waglap Daşkentdäki “Ezgulik” adam hukuklary merkezine başlyklyk etdi. Ol Özbegistanyň pagta senagatyndaky mejbury zähmete, awtoritar lider Yslam Kerimowyň ýurt dolandyran ýyllarynda adam gynalmagyna garşy kampaniýa alyp bardy.

Inoýatowa soňky ýyllarda syýasy tussaglaryň, oppozisiýa aktiwistleriniň, garaşsyz žurnalistleriň hukuklaryny goramak bilen meşgullandy, olaryň saklanylýan türmelerine baryp, hukuk we maliýe kömegini teklip etmäge çalyşdy.

Ol Özbegistandaky syýasy tussaglar barada maglumat agtarýan halkara hukuk toparlary üçin ýurt içinde bir çeşme boldy.

XS
SM
MD
LG