Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuelanyň saýlaw geňeşi prezident Maduronyň saýlawlarda ýeňendigini yglan etdi


Wenesuelanyň saýlaw geňeşi prezident Nikolas Maduro, Karakas, 20-nji maý, 2018

Wenesuelanyň saýlaw geňeşi prezident Nikolas Maduronyň saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi, onuň garşydaşlary netijeleri ykrar etmejegini aýtdylar. ABŞ netijeleri “galp” atlandyrdy.

Saýlaw resmileri Maduronyň 5.8 million sesden 68%-ne eýe bolandygyny aýtdylar. Maduronyň bäsdeşlerinden Henri Falkon iň köp ses toplap, 21% eýe bolupdyr.

20-nji maýda geçirilen saýlawlar ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň pes bolmagynda geçirildi. Saýlaw resmileriniň arasyndaky çeşmäniň Reuters agentligine aýtmagyna görä, ses berijileriň gatnaşyk derejesi günüň aýagynda 32% barabar bolupdyr. Resmi taýdan ses berijileriň saýlawlara gatnaşygy 46% derejesinde görkezildi.

ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we Latin Amerikanyň 14 ýurdy Wenesuelanyň prezidentlik saýlawlaryny ýazgardylar we häkimiýet başyndaky Maduronyň administratiw resurslardan peýdalanan bolmagynyň güman edilýändigini aýdyp, iki garşydaş partiýanyň gadagan edilmeginiň oňa goşmaça mümkinçilik berendigini bellediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG