Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainada adam pidaly çaknyşyklar ýüze çykdy


Dört ýyl bäri dowam edýän konfliktiň dowamynda 10 müň 300 adam öldi.
Dört ýyl bäri dowam edýän konfliktiň dowamynda 10 müň 300 adam öldi.

Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleri bilen separatistleriň arasyndaky çaknyşyklaryň ýitileşendigi barada maglumatlar gowuşýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ukrainadaky ýagdaýlara gözegçilik edýän missiýasynyň berýän maglumatyna görä, geçen hepde parahat ilatdan üç adam öldürilip, başga-da üçüsi ýaralanypdyr. Gurama “seredilmeli başga-da ýagdaýlaryň bardygyny” hem mälim etdi.

Gözegçilik missiýasynyň resmisi “ok atyşyklary bes etmek ylalaşygynyň 7 müň 700 gezek bozulmasynyň hasaba alnandygyny” hem nygtady.

Ukrain resmileri duşenbe güni Ýužnoýew obasynyň golaýynda iki esgeriň öldürilendigini, başga-da dördüsiniň ýaralanandygyny habar berdiler.

Donetsk sebitindäki separatistler hökümet güýçlerini parahat ilatyň ýaşaýan sebitlerine garşy agyr artilleriýa ýaraglaryny we tanklary ulanmakda aýypladylar. Olar geçen hepde parahat ilatdan dört adamyň ölendigini we ýene dördüsiniň ýaralanandygyny öňe sürdüler.

Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alandan soň, Ukrainanyň gündogarynda eýýäm dört ýyldan bäri konflikt dowam edýär. Onuň dowamynda 10 müň 300 adam öldi, müňlerçe ýaşaýjylar hem öýlerini terk etmäge mejbur boldular.

2015-nji ýylda Minsk parahatçylyk ylalaşygy baglaşylsa-da, gündelik çaknyşyklar häli-şindi ýüze çykýar.

XS
SM
MD
LG