Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tehasdaky mekdepde öldürilen pakistanly okuwçy Karaçide jaýlanýar


ABŞ-daky mekdepde öldürilen pakistanly okuwçynyň Karaçi şäherinde geçirilen jaýlanyş çäresine ýüzlerçe adam gatnaşdy.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň mekdebindäki ok atyşykda öldürilen pakistanly okuwçynyň Karaçi şäherinde geçirilen jaýlanyş çäresine ýüzlerçe adam gatnaşdy.

18-nji maýda Tehas ştatynyň Santa Fe sebitindäki mekdepde bir okuwçynyň öz klasdaşlaryna ot açmagy netijesinde sekiz okuwçy we iki mugallym, şol sanda 17 ýaşyndaky Sabika Şeýh aradan çykdy.

Şeýhiň jesedi 23-nji maýda Pakistana getirildi we mazarlykda jaýlanmazdan ozal, köpçüligiň ýygnanan meýdançasyna alnyp gidildi.

“Meniň gyzym şehit we şehitler ölmeýär” diýip, Şeýhiň kakasy Abdul Aziz aýtdy.

Okuwçylara we mugallymlara ot açanyň 17 ýaşyndaky Dimitrios Pagourtzisdigi aýdylýar. Ol adam öldürmek aýyplamalarynda tussag edilip, ölüm jezasy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG