Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kanadada bir restoranda partlama boldy, 15 adam ýaralandy


Şahsyýeti näbelli iki adam restorana girip, öý şertlerinde ýasalandygyna çalym edýän partladyjyny ýerleşdirip, bu ýerini terk etdiler.

Kanadanyň Ontario welaýatyndaky bir restoranda bolan partlamada 15 adam ýaralandy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, bu waka Torontodan 30 km uzaklykdaky Mississauga şäherinde, ýerli wagt bilen 22:30-da (Aşgabat wagty bilen 07:30-da) ýüze çykypdyr.

Şahsyýeti näbelli iki adam restorana girip, öý şertlerinde ýasalandygyna çalym edýän partladyjyny ýerleşdirip, bu ýerini terk edipdirler.

Saglyk resmileri 15 adamyň keselhana ýerleşdirilendigini, olaryň üçüsiniň ýagdaýynyň agyr bolmagyna galýandygyny mälim etdiler.

Mundan bir aý öň, paýtagt Torontoda bir hüjümçi ýük ulagyny märekäniň üstüne sürüp, 10 adamy öldüripdi we 15-sini ýaralapdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG