Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň prezidenti bilen Dmirgazyk Koreýanyň lideriniň arasyndaplanlaşdyrylan sammitden öň Demirgazyk Koreýa baryp, uly derejeli resmiler bilen duşuşýar.
Lawroyň 31-nji maýdaky saparyna Moskwanyň Phenýanyň Birleşen Ştatlar we Günorta Koreýa bilen gurýan diplomatik gatnaşyklarynyň arasynda öz sesiniň eşidilmegini üpjün etmek synanyşygy hökmünde garalaýr.
Lawrow Phenýanda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşdy diýip, Orsýetiň Daşary işler ministrligi ýurduň daşary işler ministriniň geçiren gepleşiklerinden soň twitterde habar berdi.
“Biz Demirgazyk we Günorta Koreýa bilen gatnaşyklary, şonuň ýaly-da Demirgazyk Koreýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gatnaşyklary gutlaýarys” diýip, Lawrow 31-nji maýda, Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri Ri Ýong Ho bilen duşuşykdan soň aýtdy diýip, Orsýetiň TASS habar gullugy habar berdi.
Rus ministri “dahylly taraplaryň ählisini şeýle wajyp we ynjyk prosesde şowsuzlyga uçralmagynyň öňüni almakdaky jogapkärçiliklerine doly düşünmäge” çagyrdy.
Moskwa Phenýan we Seul bilen bilelikdäki ykdysady taslamalary, şol sanda demirýol gurluşygyny durmuşa geçirmäge gyzyklanýar diýip, Lawrow aýtdy.
Orsýet bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda kiçiräk araçäk bolup, onuň uzynlygy Uzak Gündogardaky Wladiwastok şäherinden birnäçe kilometre uzaýar we olar degişlilikde ýürekdeş gatnaşyk saklaýar.
Lawrowyň Phenýana sapary ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň arasyndaky taryhy sammiti gurnamak ugrunda alnyp barylýan diplomatik tagallalaryň gyzgalaňyna gabat geldi.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 30-njy maýda Nýu-Ýorkda bu meseläni maslahatlaşmak üçin Kimiň sag goly hasaplanylýan generalKim Ýong Çol bilen duşuşdy.
Kim Ýong Çol Demirgazyk Koreýanyň20 ýyla golaý wagt içinde Birleşen Ştatlara sapar eden iň uly lideri bolup, Pompeo bilen nahar başynda duşuşdy we olar 31-nji maýda hem duşuşýar.
Waşington, Phenýana belli bir ykdysady we howpsuzlyk bähbitlerini bermek bilen, Koreýa ýarymadasynyň ýadro ýaraglaryndan doly saplanmagyny gazanmaga çalyşýar.