Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Gyrgyzystanda gyzlaryň alnyp gaçylmagynyň öňüni almaga çagyrýar


Gyrgyz prokurorlary bu iş bilen baglylykda jenaýat derňewiniň başladylandygyny mälim etdiler.
Gyrgyz prokurorlary bu iş bilen baglylykda jenaýat derňewiniň başladylandygyny mälim etdiler.

BMG-niň edaralary Gyrgyzystanda alnyp gaçylan 20 ýaşly bir gyzyň zalymlyk bilen öldürilmegine aladalanma bildirdiler; şeýle-de gyrgyz hökümetini gyzlary bikanun alyp gaçyp, olary zor bilen durmuşa çykmaga mejbur edilmegini togtatmak ugrunda “talaba laýyk çäreleri görmäge” çagyrdylar.

BMG-niň Gyrgyzystandaky edarasynyň ýaýradan beýanatynda “bu hili tejribeler gyrgyz halkynyň däp-dessuryna gabat gelmeýär, tersine olar jemgyýetiň näzik gatlagynyň haklaryny depeleýär” diýilýär.

27-nji maýda Bişkekda Burulaý Trudaaly Gyzy alnyp gaçylandan birnäçe sagatdan soň, bu jenaýaty eden tarapyndan pyçaklanyp öldürilipdi.

Gyrgyz prokurorlary bu iş bilen baglylykda jenaýat derňewiniň başladylandygyny mälim etdiler.

Gyzyň atasynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjümçi gyzyň bedeninde onuň we durmuşa çykmaly oglanynyň atlarynyň baş harplaryny pyçak bilen kesipdir.

XS
SM
MD
LG