Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň iň ýokary dini edarasynyň ýygnagyna hüjüm edildi, ýedi adam öldi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerine bardy. 4-nji iýun, 2018 ý. Kabul
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerine bardy. 4-nji iýun, 2018 ý. Kabul

Owganystanyň howpsuzlyk resmileri ýurduň iň ýokary dini edarasynyň Kabuldaky üýşmeleňine edilen bombaly hüjümde azyndan ýedi adamyň ölendigini we başga-da dokuz sanysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

4-nji iýundaky hüjümden gysga wagt öň geçirilen duşuşykda, owgan Ulema geňeşi ýörite dini buýruk, ýagny fatwa çykardy. Bu dini buýruga laýyklykda, yslam dininiň düzgünlerine görä janyndan geçen hüjümleri amala aşyrmak “haram” diýlip, gadagan edilýär.

Partlamada ölen adamlaryň arasynda näçe sany ruhanynyň bardygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar. Şeýle-de, bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Ulema geňeşiniň düzümine musulman ruhanylary, alymlary hem-de tutuş ýurduň çägindäki dini ýolbaşçylar girýär.

Bu geňeşiň 4-nji iýundaky ýygnagyna gatnaşanlar owgan hökümet güýçlerini, “Talyban” toparyny we beýleki söweşijileri ok atyşygy bes etmäge we taraplaryň arasynda parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge çagyrdy.

Soňky aýlarda Owganystanyň paýtagty Kabula edilen ençeme bomba hüjüminde onlarça adam öldi.

XS
SM
MD
LG