Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň serhet araçägindäki dawaly territoriýada uruş-dawa boldy


Gyrgyz serhet gullukçylary
Gyrgyz serhet gullukçylary

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň serhet araçägindäki dawaly territoriýada iki ýurduň serhet gullukçylarynyň arasynda uruş-dawa boldy diýip, täjik we gyrgyz resmileri aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu waka 5-nji iýunda ýurduň günortasyndaky Batken regionynyň Leýlek etrabynda gyrgyz söwdegärleri serhediň dawaly böleginde harytlary satyp başlandan soň boldy.

Urşuň yz ýany, gyrgyz serhet gullukçylary täjik serhet gullukçylarynyň üçüsini gysga wagtlaýyn tussag etdi. Uruş-dawada ok atyşyk hem boldy, ýöne hiç kime zeper ýetmedi.

Gyrgyzystanyň gürrüňi edilýän sebiti bilen ýanaşyp duran Täjigistanyň Sughd regionynyň häkiminiň orunbasary Rustam Rahmatzodanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, iki ýurduň resmileriniň arasynda bolan gepleşikleriň yz ýany, gyrgyz häkimiýetleri üç täjik serhet gullukçysyny boşadypdyr.

Şeýle-de, ol häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky serhediň asudadygyny hem-de onuň täjik we gyrgyz häkimiýetleriniň kontrollugyndadygyny aýtdy.

5-nji iýunda giçlik Batken we Sughd regionlarynyň häkimleriniň bu mesele boýunça gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG