Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütindünýä banky Türkmenistanda ykdysady ösüşiň ýokarlanjagyny çaklaýar


Türkmen manady we dollar
Türkmen manady we dollar

Bütindünýä banky Türkmenistanda ykdysady ösüşiň depginine berýän bahasyny ýokarlandyryp, 2018-nji ýylda ony 6,3 prosente galdyrdy. Bu barada bankyň “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatynda habar berilýär.

Bankyň ekspertleriniň maglumatyna görä, 2019-2020-nji ýyllarda türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi 6,3 prosente çenli ýokarlanar. Bütindünýä banky 2017-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önüm ösüşiniň 6,5 prosent boljagyny çaklapdy.

Mälim bolşy ýaly, bank ekspertleri öz çaklamalarynda Türkmenistanyň beren resmi sanlaryna esaslanýarlar.

Şu aralykda Jon Hopkins uniwersitetiniň professory we “Kynçylykly” walýutalar proýektiniň ýolbaşçysy Stiw Henk türkmen manadynyň hümmetsizlenmeginiň ýyllyk görkezijisini çap etdi, ol häzir 294 prosente barabar.

Bu meselede iň ýaramaz ýagdaý Wenezuelada, 2018-nji ýylyň mart aýynyň aýagynda bu ýerdäki inflýasiýanyň derejesi 6888% boldy.

Inflýasiýa meselesinde Sudan hem iň ýaramaz ýadaýdaky ýurtlaryň biri bolup durýar, emma bu ýerde, Türkmenistandan tapawutlylykda, onuň ösüşi 91 prosente ýetdi.

XS
SM
MD
LG