Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýan premýeri ÝB-niň Orsýete garşy sanksiýalarynyň käbiriniň ýatyrylmagyna çagyrýar


Italiýanyň täze premýer-ministri Juzeppe Konte (Giuseppe Conte)

Italiýanyň täze populist premýer-ministri Juzeppe Konte (Giuseppe Conte) öz hökümetiniň iň ileri tutýan meseleleriniň bikanun emigrantlygy soňlamak we Orsýet bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boljakdygyny aýdýar.

"Biz Orsýete tarap açylmaklygyň tarapynda bolarys” diýip, Konte munuň Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete garşy girizen sanksiýalaryny ýatyrmagy hem öz içine aljakdygyny, sebäbi bu sanksiýalaryň “medeni jemgyýete” zyýan ýetirýändiginiaýtdy.

Parlamentiň ýokarky palatasy 5-nji iýunda täze populist hökümete 177-den 117 ses bilen goldaw bereninden soň, Konte Rimde senatorlaryň öňünde çykyş etdi.

Parlamentiň aşaky palatasynyň hem şu gün, 6-njy iýunda boljak ses berişlikde täze hökümeti goldamagyna garaşylýar.

Italiýanyň täze ýolbaşçylary iýunda iki sany möhüm sene bilen ýüzbe-ýüz dur: olaryň birinjisi 8-nji we 9-njy iýunda 7-ler toparynyň Kanadada geçmeli sammiti bolsa, ikinjisi Ýewropa Bileleşiginiň Brýusselde geçmeli sammitidir. Bu sammitlerde regionyň bosgun meselesiniň we bileleşigiň ewro pul birliginiň reformalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

"Biz Ýewropa Bileleşiginiň beýleki agzalary bilen duşuşykda sanksiýalar ulgamyna gaýtadan seredilmegini öňe süreris” diýip, Konte Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmak barada saýlaw kampaniýalarynda beren wadalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin tagalla etjekdigini aýtdy.

“Bu ýerde hakykat biziň radikal öwrülişik döretmegimizde we biz muňa buýsanýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Konteniň bu sözleri rus prezidenti Wladimir Putiniň goňşulykldaky Awstriýa sapar edýän wagtyna gabat geldi, bu ýerde hem populist, Orsýete tarapdar hökümet häkimiýet başynda we olar hem “hemmeler sanksiýalaryň ýatyrylmagy bilen gyzyklanýar, bizem şeýle” diýdiler.

Putin bu saparyndan öň öz hökümetiniň, Moskwa bilen has ýakyn gantaşykda bolan sag ganat, populist partiýalary goldap, Ýewropada bölünişik döretmek üçin iş alyp barýandygyny ret etdi.

Wengriýa asylly amerikan milliarderi we haýyrsöýer Jorj Soros şu hepde Orsýetiň Italiýanyň Liga partiýasyny maliýleşdirmegi üpjün edip-etmändigini sorag astyna aldy. Emma bu partiýa we Kreml beýle zadyň bolandygyny çürt-kesik inkär edýär.

"Bize Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk gurmak gerek” diýip,Putin Awstriýanyň jemgyýetçilik tele-radiosy ORF-ä aýtdy. "Biz ÝB-ni bölmegi maksat edinmeýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýitirdi.

“Migrasiýa meselesi Italiýanyň täze hökümetiniň özgerişlik döretmekde ÝB-niň beýleki agzalary bilen näderejede gowy işleşmäge ukyplydygyny görkezjek bir çäre bolar” diýip, Konte aýtdy.

Şeýle-de ol öz ýurdunda başga milletleriň wekillerini halamazlygyň barha artýandygy baradaky aýyplamalary ret etdi.

Italiýa 2013-nji ýyldan bäri 700 müň çemesi migranty kabul edip aldy, olaryň köpüsi Ýewropa Bileleşiginden täze durmuş agtaryp, Ortaýer deňziniň üsti bilen Afrikadan geldi.

Konteniň populist hökümeti migrantlaryň we bosgunlaryň Ýewropa Bileleşiginiň ähli agzalarynyň arasynda has deňeçer bölünmegine çagyrýar, emma muňa hususan-da gündogar Ýewropa döwletleri berk garşylyk görkezýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG