Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkler prezident we parlament saýlawlarynda ses bermäge başlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary Türkiýede 24-nji iýunda geçiriljek prezident we parlament saýlawlarynda ses bermäge başladylar.

Türkiýäniň umumy ses berijileriniň 5 prosentini emele getirýän – daşary ýurtlarda ýaşaýan – 3 million çemesi türk raýaty saýlawlarda iýun aýynyň 7-den 19-na çenli ses berip bilýärler.

Olaryň ýarysyna golaýy Germaniýada ýaşaýar. Bu ýurduň 13 şäherinde saýlaw uçastoklary döredildi.

Türkiýedäki saýlawlar planlaşdyrylan wagtyndan bir ýyldan hem gowrak wagt öň geçirilýär.

Bu saýlawlaryň netijesinde prezidente has köp ygtyýar berýän we premýer-ministr wezipesini ýatyrýan täze prezident dolandyryşly hökümet sistemasy öz işine başlar.

Türkiýede hökümet parlament sistemasyndan prezident sistemasyna geçen ýyl geçirilen referendum esasynda çalşylypdy.

XS
SM
MD
LG