Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ejesi hakynda kitap ýazdy


Berdimuhamedow egindeşlerine täze kitabyny sowgat berdi.
Berdimuhamedow egindeşlerine täze kitabyny sowgat berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýunda egindeşlerine özüniň täze çap etdiren kitabyny sowgat berdi.

Türkmen telewideniýesi, prezedent öňki kitaplaryny sowgat berende bolşy ýaly, täze eseriň hem ýüze sylmak, baş egmek bilen kabul edilişini görkezdi.

Kitap sowgat berlen türkmen resmisi.
Kitap sowgat berlen türkmen resmisi.

Döwlet baştutanynyň birbada üç dilde,türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen täze kitaby “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” diýlip atlandyrylypdyr.

TDH-nyň ýazmagyna görä, bu kitap Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berýär.

Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri 40 töweregi kitap ýazdy we olar döwlet mediasynda yzygiderli wagyz edilýär.

Türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň “galamyndan çykan eserleriň türkmenistanlylaryň ýan kitabyna öwrülip, diňe bir ýurduň okyjylarynyň däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem giň ykrarnama eýe bolandygyny” habar berýär.

XS
SM
MD
LG