Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz tussaglary türme şertlerine açlyk bilen protest bildirýär


Nurdin Sulaimanow, Adam gynalmagynyň öňüni almak boýunça milli merkeziň başlygy
Nurdin Sulaimanow, Adam gynalmagynyň öňüni almak boýunça milli merkeziň başlygy

Gyrgyzystanyň türmelerinde saklanylýan onlarça tussag türme şertlerine protest bildirip, açlyk yglan etdi.

Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Modawanowka obasynda ýerleşýän türmede 59 tussag açlyk çekýär, şol bir wagtda olaryň bu proteste haçan başlandygy aýdyň däl.

Gyrgyzystanyň Zähmet düzediş gullugy 8-nji iýunda Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna açlyk yglan eden tussaglaryň 10 sanysynyň öz agzyny çatandygyny aýtdy.

Ýurduň adam gynalmagyna garşy garaşsyz toparynyň, Adam gynalmagynyň öňüni almak boýunça milli merkeziň başlygy Nurdin Sulaimanow tussaglaryň 5-nji iýundan bäri açlyk çekýändigini aýtdy.

Sulaimanow öz toparynyň türmä baryp görendigini, emma tussaglaryň olara özleriniň gynalmandygyny gürrüň berendiklerini aýtdy.

Şu aralykda açlyk yglan eden tussaglaryň biriniň garyndaşy Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşip, protest bildirýän tussaglaryň sanynyň 75-digini habar berdi. Şeýle-de ol tussalaryň 3-nji iýundan bäri aç oturandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG