Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kim we Tramp taryhy sammite gatnaşmak üçin Singapura geldi


Singapur. Ýerli bar ABŞ-nyň, Singapuryň we Demirgazyk Koreýanyň baýdaklary bilen bezeldi. 7-nji iýun, 2018.
Singapur. Ýerli bar ABŞ-nyň, Singapuryň we Demirgazyk Koreýanyň baýdaklary bilen bezeldi. 7-nji iýun, 2018.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Phenýanyň ýadro ýaraglary barada geçiriljek taryhy sammitie görülýän taýýarlygyň çäginde Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşmak üçin Singapura geldi.

Prezident bu şäher-döwlete 10-njy iýunda, Kimiň uçary bu ýurduň topragynda gonanyndan birnäçe sagat soň geldi.

Birleşen Ştatlaryň Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen birinji duşuşygy boljak sammit 12-nji iýunda, kurort adasy bolan Sentosada geçiriler.

Prezidentleriň ikisi hem Singapuryň Paýa Lebar howa bazasynda, daşary işler ministri Wiwian Balakrişnan ( Vivian Balakrishnan) tarapyndna garşy alyndy.

Singapuryň Daşary işler ministrligi Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň 12-nji iýunda ABŞ-nyň prezidneti Donald Tramp bilen boljak sammite gatnaşmak üçin ýurda gelendigini biraz öň habar berdi.

"Ýap-ýaňy Singapura gelen başlyk Kim Jong Uny garşy aldym” diýip, Wiwian Balakrişnan (Vivian Balakrishnan) twitterde, äýnekli we garamtyl mao penjekli Kim bilen görşüp duran suratynyň gapdalyndan ýazdy.

Kim şondan az wagt soň Singapurda premýer-ministr Lee Hsien Loong bilen duşuşdy.

"Bütin dünýä Kim Jong Un bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda boljak taryhy sammite seredýär. Çyn ýürekden eden tagallalaryňyz üçin sag boluň.... biz bu sammite görlen taýýarlyklary tamamlamagyň hötdesinden geldik" diýip, Kim duşuşykdan soň terjimeçiniň üsti bilen aýtdy.

Trump arrived after a 20-hour flight from the Group of Seven summit in Quebec, Canada. He is set to meet with Lee on June 11.

Şu aralykda Tramp Kanadada, Kubekde geçen 7-ler sammitine gatnaşanyndan soň ol ýerden Singapura ugran Donald Trampyň uçary hem, 20 sagatlyk ýol geçip, Singapura geldi.

Tramp Lee bilen 11-nji iýunda duşuşmaly.

Tramp bu sammitiň Demirgazyk Koreýa üçin “bir gezeklik mümkinçilikdigini” aýtdy, emma özüni “hakykatdanam ynamly duýýandygyny” sözüne goşdy.

Tramp Kimiň öz ýadro ýaraglaryndan el çekmek niýetiniň çynlakaýdygyny ýa däldigini derrew, ýagny “minutlar çäginde” biljekdigini aýtdy. Şeýle-de ol ABŞ we Demirgazyk Koreýa resmileriniň Singapurda bu duşuşygy taýýarlamak üçin bilelikde işleýändiklerini aýtdy.

Trampyň delegasiýasy döwlet sekretary Maýk Pompeo, milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton, Ak tamyň adminstrasiýa başlygy John Kelli, Ak tamyň metbugat sekretary Sarah Sanders dagydan ybarat.

Bu Kimiň 2011-nji ýylda öz ýapyk ýurduna lider bolaly bäri daşary ýurda eden, bilinýän ikinji sapary bolar. Ol maý aýynda Ilýuşin-62M uçarynda Hytaýa sapar etdi.

Singaporyň “Straits Times” gazetiÇangi aeroportunda Demirgazyk Koreýanyň ýük uçaryny garşy almak üçin sowadyjyly ýük maşynlarynyň garaşyp durandygyny habar berdi. Gazetiň ýazmagyna görä, bu uçarda azyk önümleri we Demirgazyk Koreýanyň lideriniň ulanjak birnäçe kaşaň awtomobili getirilýär.

Demirgazyk Koreýanyň delegasiýasynyň bir bölegi Singapura 9-njy iýunda hytaý howaýollarynyň “Airbus 330” uçarynda gelendir öýdülýär.

Bitarap Singapur özüniň berk howpsuzlygy we geçmişde ýokary derejeli halkara sammitlerine, şol sanda ASEAN sammitlerine hem ençeme gezek beýemçi bolmagy bilen tanalýar.

Singapur dünýäde iň bir howpsuz ýurtlaryň biri hasaplanylýar, şeýle-de ol Demirgazyk Koreýanyň ilçihanasy bolan 48 çemesi ýurduň biri bolup durýar.

XS
SM
MD
LG