Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, britan resmileri futbol janköýerleriniň Osýtede telefonlaryndan äge bolmalydygyny duýdurýar


Orsýet, Dünýä çempionaty stadiony.
Orsýet, Dünýä çempionaty stadiony.

ABŞ-nyň we Britaniýanyň aňtaw resmileri Orsýetde dünýä çempionatyny görmäge gitjek futbol janköýerlerine olaryň mobil telefonlarynyň we kompýuterleriniň kiber içalylary tarapyndan hak edilmek ähtimallygyny duýdurýar.

ABŞ-nyň Milli kontrrazwedka gullugynyň we Howpsuzlyk merkeziniň direktory William Ewanina 13-nji iýunda Orsýetde özüni o diýen möhüm hasaplamaýan adamlaryň hem hakerleriň nyşanasyna öwrülip biljekdigini aýtdy.

"Dünýä çempionatynynyň ýaryşlaryna tomaşa etmek üçin Orsýete gidýän islendik adam kiber hüjümlerinden seresap bolmaly” diýip, Ewanina aýtdy."Eger siz ýanyňyza mobil telefon, laptop, PDA ýa-da başga elektron enjam alsaňyz, ýalňyşlyk goýbermäň, siziň enjamlaryňyzdaky islendik maglumat, hususan-da şahsy maglumatlar rus hökümetine ýa-da kiber jenaýatçylaryna elýeterli bolup biler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de ol 14-nji iýunda başlanýan futbol çempionatyna gitjekleriň şonsuz oňup boljak elektron enjamlaryny öýde goýup gitmeklerini maslahat berdi.

“Reuters” habar gullugy hem ady aýdylmaýan ABŞ aňtaw resmisine salgylanyp, britan howpsuzlyk agentlikleriniň hem iňlis futbolçylaryna we janköýerlerine şeýle duýduryş berendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG