Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Saud Arabystany OPEK-den günde çykarylýan nebitiň möçberini köpeltmegi sorar


Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak
Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak

Orsýet bilen Saud Arabystany OPEK guramasyndan günde çykarylýan nebitiň möçberini 2018-nji ýylyň 3-nji çärýeginde, ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň nebit üpjünçiligini bölmezligi üçin, 1,5 million barrel köpeltmegi sorar.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak 16-njy iýunda bu çäräniň 1-nji iýuldan başlanjakdygyny we başda diňe üçünji çärýege dahylly boljakdygyny aýtdy.

“Biz sentýabrda bazaryň ýagdaýyna gaýtadan syn ederis we geljekde näme etmelidigi hakynda soňra karara geleris” diýip, Nowak aýtdy.

OPEK, Orsýet we beýleki kartala girmeýän döwletler, OPEK+ format diýilýänler 2016-njy ýylda nebit bolçulygy sebäpli uzak wagtlap arzanlan önümiň bahasyny galdyrmak üçin onuň önümçiligini günde 1,8 million barrel azaltmak kararyna geldiler.

2016-njy ýylyň başynda esasy nebit nyrhlarynyň barreli 30 dollardan hem aşak boldy. Emma soň baha ýagdaýy biraz kadalaşdy we 2017-nji ýylda 50 dollar çemesine ýokaryk galdy. Bu ýyl bolsa nebitiň barreli Londan söwdasynda 80 dollara çenli baryp ýetdi.

OPEK ýurtlary 2016-njy ýyldaky ylalaşygyň geljegi barada maslahatlaşmak üçin 22-nji iýunda Wenada Orsýet, Gazagystan we beýleki OPEK däl hyzmatdaşlar bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

Orsýet we Saud Arabystany 14-nji iýunda özleriniň nebit-gaz meseleleri boýunça hyzmatdaşlyklaryny giňeltmek barada ylalaşandyklaryny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG