Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Makedoniýa, Gresiýa ozalky ýugoslaw respublikasynyň ady meselesinde ylalaşyag geldi


Nikola Dimitrow we Nikos Kotzias ylalaşyga gol çekdi. 

Makedoniýanyň we Gresiýanyň daşary işler ministrleri ozalky ýugoslaw respublikasynyň üýtgedilen ady baradaky taryhy ylalaşyga gol çekdiler.

Nikola Dimitrow we Nikos Kotzias 17-nji iýunda balkanly goňşulary bir-birinden aýyrýan Prespa kölüniň kenarynda ylalaşyga gol çekdi.

Iki ýurduň hem premýer-ministrleri, Makedoniýanyň Zoran Zaewi, GresiýanyňAleksis Tsiprasy, BMG-niň araçysyMatthew Nimetz we ýewropa resmileri bilen bilelikde, gol çekiş dabarasyna gatnaşdy.

Skopýe bilen Afinanyň arasynda 27 ýyla çeken dawany soňlamak maksady bilen, Makedoniýa indi Demirgazyk Makedoniýa respublikasy diýlip atlandyryldy.

Bu şertnama indi makedon we grek parlamentleri tarapyndan tassyklanmaly we Makedoniýada referendumda sese goýulmaly.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG