Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Geliň, täzeden prezident saýlawlaryny geçireliň!"


Aşgabat. Merkezi saýlaw toparynyň jaýy
Aşgabat. Merkezi saýlaw toparynyň jaýy

6 aýda halkyň saňa beren hasabaty

Eýýäm 6 aý geçdi. Ýylda 12 aý bar. Her 3, 6 we ýylyň jemlerinde Saňa edaralaryň başlyklary eden işleri barada hasabat berýärler. Gel, indi seniň hasabatyňa göz aýlaly. Türkmenistanyň ykdysadyýeti düýbünden laýa batdy. Döwletden çykýan çykdaýjylar 81%, gelýän girdeýjiler bolsa 19%. Özüň bolsa telewidiniýäniň üsti bilen halky aldap ýörsüň.

Gurbanguly Berdımuhamedow döwletiň emläginden günde maşynlar, egin-eşikler hat-da gaty gowy iýip-içýäň. Elbet-de diňe sen däl, eýsem seniň garyndaşlaryň hem. Telewidiniýäniň üsti bilen ýaş tomaşaçylar seniň maşyny aýlap-aýlap sürşüňi synlaýarlar. Indi bolsa her basan ýoluňda ýaşlar maşyny pyrlap-pyrlap ýaryşýarlar. Käbirleri içgili halda ýaryşyp, maşynlary ýoldan çykýar. Şol sebäpli 6 aýyň içinde Türkmenistanda 72 sany ölüm boldy. Ýol gözegçiler nirde? Olaryň jüwlerine Gorkut ata (puluň ýüzündäki şekil) berseň, hemme bolan wakalara göz ýumýarlar. Sebäp, indi herkime pul gerek.


Şeýle-de sen birnäçe edaralar, ýaşaýyş jaýlar, söwda merkezler, iň esasam şolary ginnesler kitabyna saljak bolup, müňläp-müňläp hökümetiň pulundan gurýarsyň. Hökümetiň pulunda her ilatyň duzy-çöregi bar. Sen ilata iş bilen üpjün edip, aýlyk berseň bolmaýarmy?! Sen ilata işli etmek üçin gurýan diýýän bolsaň gaty ýalňyşýaň. Sebäp, işe girmek üçin tanyş ýa-da başlyklaryň jüwlerine salar ýaly köpräk puluň bolmaly. Garamaýak ilat-da olar ýaly pul näme işlesin, eger prezident wezipesinde Gurbanguly Berdımuhamedow oturýan bolsa.


Mundan başka Döwlet çärelerinde müňläp-müňläp çykýan çykdaýjylary hökümetiň, ilatyň emläginden, pulundan alýarsyň. Iň utançly ýerem, ilat hem habarly özüň ýazman, başka birine ýazdyrdyp, her ýyl ilatyň pulundan 4-5 sany ýa-da ondan köp kitap çykarýaň. Şolara çykýan çykdaýjylaryňy ilaty iş bilen üpjün etseň bolmaýarmy? Telewidiniýäniň üsti bilen gürleýän sözleriňde hiç hili many ýok. Seniň diýýän we diýjek owadan sözleriň diňe öňüňde duran ak kagyzlaryň ýüzlerinde ýazylgy.


Gurbanguly Berdımuhamedow 10 ýyl 6 aý prezident wezipede oturanyňdan bäri girgeýji däl, diňe her aýda müňläp-müňläp hökümetiň býujetinden çykdaýjylar çykýar. Telekeçiler hem banky oýunjak hasaplap her gün banklardan ilatyň puluny alyp, hökümete girdeýji däl-de, diňe çykdaýjy getirýärler. Indi hezil banka baryp, eliňde ýasama kagyza gol, peçat urup, men telekeçi diýseň, eliňe müňläp-müňläp pul berýärler.


Türkmen halky haçana çenli kynçylykda ýaşaly, Haçana çenli çagalarymyzy, ýaşlarymyzy kynçylyklarda ýaşadaly. Döwlet bir adamynyňky däl, onuňkam etmäli. Döwlet ― ilatyň erkin, agzybir ýaşamak üçin berilýändir. Döwlet ― şol raýatlaryň ýaşaýjylarydyr.


Geliň täzeden erkin, agzybir Döwlet guralyň!
Geliň täzeden Prezident saýlowlary geçireliň!
Ýöne hemme zady halal edeliň.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG