Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji iýunda Lebap welaýatyna iş saparyna baryp, Ruhyýet köşgünde sporty ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.
Maslahatda hususan-da “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmäge görülýän taýýarlyk çärelerine garalandygy habar berilýär.
Içeri işler ministri Isgender Mulikow “Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň ugurlaryny kesgitlemek boýunça edilen işler barada hasabat berip, bu awtoralli ýurduň ähli welaýatlarynyň çäkleriniň, şol sanda Garagum çölüniň üstünden geçjekdigini aýtdy.
“Netijede, ähli ýollaryň umumy uzynlygy 1 müň 566 kilometre deň boldy, olaryň 1 müň 158 kilometri ýaryşlaryň geçýän ugry, 408 kilometri bolsa ýaryş geçirilmeýän ýollardyr” diýip, Mulikow aýtdy.
Şeýle-de, duralgalaryň gurulýandygy habar berilýär. “Olaryň her birinde 3 müň orunlyk naharhana, metbugat merkezi, lukmançylyk nokady, sungat ussatlarynyň çykyş etmegi üçin sahna, sergileri guramak üçin ýörite ýerler, ak öýler, beýleki desgalar bolar,kiçi göwrümli uçarlar we dikuçarlar üçin gonuş meýdançalary göz öňünde tutulýar” diýip, TDH guruljak desgalaryň bahasyny aýtmazdan habar berýär.