Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow ýene-de öz işe bellän resmilerine käýinç paýlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýene hökümet agzalarynyň birnäçesine käýinç yglan etdi.

Resmi maglumata görä, wise-premýer Pürli Agamyradowa berlen käýinç onuň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri” bilen düşündirilýär.

Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýewe,Aşgabadyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Akjagül Dowwaýewa hem, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýlip käýinç berildi. Emma bu diýilýän kemçilikleriň detallary aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmenistanda döwlet baştutanynyň resmilere käýinç, berk käýinç yglan etmegi, soňky duýduryşlaryny bermegi, soň olary wezipeden boşatmagy ýa wezipede basgançagynda ösdürmegi, çinlerini ulaltmagy adaty zada öwrüldi. Şol bir wagtda, kadrlaryň geldi-geçerligi bilen baglylykda döreýän ykdysady kynçylyklar, ýurduň halk hojalygynda işini bilýän ýokary hünärli kadrlaryň ýetmezçiliginiň sebäpleri hakynda açyk gürrüň edilmeýär.

XS
SM
MD
LG