Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr bilen ýaran boldy


Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr bilen koalsiýa gurandygyny aýdýar. Arhiw suraty.
Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr bilen koalsiýa gurandygyny aýdýar. Arhiw suraty.

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi we täsirli şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr özleriniň maýda geçen saýlawlardan soň täze hökümet düzmek tagallasynyň çäginde syýasy koalisiýa gurmak babatda ylalaşyga gelendiklerini yglan etdiler.

Olar bu koalisiýany 23-nji iýunda, premýer-ministr ruhany bilen duşuşmak üçin Najap şäherine sapar edeninden soň çap eden bililikdäki beýanatlarynda yglan etdiler.

Sadryň syýasy blogy, kommunistleri hem öz içine almak bilen, parlament saýlawlarynda 54 orun gazandy we Yragyň 329 orunly parlamentinde iň uly topar boldy. Abadiniň blogy 42 orun bilen üçünji boldy.

Olaryň beýanatynda bu ýaranlygyň täze hökümetiň düzülmegini çaltlaşdyrmak we halkyň arzuw-isleglerine gulluk etjek prinsipler hakynda ylalaşmak üçin “mezhebçiligiň we etniki meseleleriň” çäginden çykýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG