Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada romalylara edilen hüjüm bilen bagly ýedi adam saklandy


Ukraina, romalylaryň Kiýewdäki lageri.

Ukrain polisiýasy günbatar Ukrainada, Lwowyň etegindäki tokaýda romalylaryň lagerine edilen ganly hüjüm bilen baglylykda ýedi adamyň tussag edilendigini aýdýar.

Häkimiýetler 23-nji iýunda ýarygijeden öň ýüzi perdeli adamlaryň topary tarapyndan edilen hüjümde Riwine şäheriniň golaýyndaky obadan 24 ýaşly romaly öldürildi.

Polisiýa hüjüm mahalynda pyçak ýarasyny alan adamlaryň, şol sanda 10 ýaşly oglanyň, iki sany 19 ýaşly ýigidiň, 30 ýaşly aýalyň hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Bu günbatar Ukrainadaky roma lagerine soňky iki aýda edilen büşinji hüjümdir.

Ukrainanyň Helsinki adam hukuklary bileleşigi we Amnesty International guramasy bu hüjümleri ýazgaryp çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG