Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nowak ABŞ-ly resmiler bilen sanskiýalary maslahat edendigini aýtdy


Russiýanyň energiýa ministri Aleksandr Nowak .
Russiýanyň energiýa ministri Aleksandr Nowak .

Russiýanyň energiýa ministri Aleksandr Nowak özüniň ABŞ-ly kärdeşi Rik Perry we ABŞ-nyň maliýe ministri Stiwen Mnuçin bilen duşuşyp, energiýa meselelerini we ABŞ-nyň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny maslahat etdi.

“Biz duşuşdyk. Biz energiýa we beýleki meseleleri hem maslahat etdik. Biz sanksiýalara degişli soraglaryň üstünde hem durup geçdik” diýip, Nowak Waşingtonda geçirilen gepleşiklerden soň çykyş etdi.

Soňky ýylyň dowamynda Waşington rus tütjarlaryna, goranmak we aňtaw gulluklaryna dagy garşy sanksiýalary girizipdi.

Nowak sanksiýalar boýunça Mnuçin bilen anyk näme barada gürleşendigini aýan etmedi.

XS
SM
MD
LG