Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Russiýa-Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyny ratifirledi


Türkmen we rus prezidentleri. 2-nji oktýabr, 2017 ý. Aşgabat.
Türkmen we rus prezidentleri. 2-nji oktýabr, 2017 ý. Aşgabat.

Rus prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyny ratifirlemek baradaky karara gol çekdi.

Bu baradaky şertnama prezident Wladimir Putiniň 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabr güni Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň çäginde gol çekilipdi.

Agzalýan şertnama 10 ýyl möhlet bilen baglaşylyp, onuň mazmunynda özara gyzyklanma döredýän meselelerde taraplaryň pozisiýalary boýunça ylalaşyga barmak üçin yzygiderli ýokary derejede duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şertnamanyň käbir maddalarynda: “üçünji döwletler bilen beýleki tarapyň özygtyýarlylygyna, howpsuzlygyna we territorial eldegrilmesizligine zyýan ýetirýän şertnamalary baglaşmakdan ýüz öwürmek”, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynda özara hyzmatdaşlyk we bu pudakda kadrlary taýýarlamak, olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak”, “terrorçylyga garşy hyzmatdaşlyk we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek” ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar.

Gürrüňi edilýän dokumentde “taraplar özüniň beýleki tarapyň çäginde ýaşaýan raýatlarynyň hukuklaryny goraýar we olara öz aralarynda baglaşylan halkara şertnamalaryň esasynda, şeýle-de umumy kabul edilen halkara hukuk normalarynyň çäginde degişli kömekleri berýär” diýip, hem bellenilýär.

XS
SM
MD
LG