Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň ozalky prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygy tussag edildi


Ghazariýan bankdan 1 million dollary nagt görnüşde çykaryp barýan pursady polisiýa tarapyndan saklandy.
Ghazariýan bankdan 1 million dollary nagt görnüşde çykaryp barýan pursady polisiýa tarapyndan saklandy.

Ermenistanda ozalky prezident Serž Sarkisýanyň howpsuzlyk gullugynyň başlygy “bikanun baýamak” diýen aýyplama esasynda tussag edildi.

Ýerewanyň sudy Waçagan Ghazariýanyň iki aý möhlet bilen deslapky tussaghanada saklanmalydygy barada höküm çykardy.

Ermenistana 10 ýyllap prezidentlik eden Sarkisýan apreliň ortalaryna ygtyýarlyklary artdyrylan premýer-ministr wezipesine saýlanypdy. Emma, oppozisiýa syýasatçysy Nikola Paşiniýanyň ýolbaşçylygyndaky parahat köçe protestleriniň netijesinde ol wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy. 8-nji maýda Paşiniýan premýer-ministr saýlandy.

Ghazariýan 25-nji maýda bankdan 1 million dollary nagt görnüşde çykaryp barýan pursady polisiýa tarapyndan saklandy.

Ermenistanyň Ýörite Derňew Gullugy Ghazariýanyň bikanun baýamakda, şeýle-de emläkleri we uly mukdardaky maliýe serişdeleri barada salgyt gullugyna maglumat bermezlikde aýyplanýandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG