Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti “Talyban” bilen ýaraşygy bes etdi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani hökümetiň “Talyban” bilen birtaraply ýaraşygyny resmi taýdan bes edýändigini yglan etdi, emma jeňçi topary parahatçylyk gepleşiklerine girmäge çagyrdy.

Ganiniň 30-njy iýunda Kabulda guralan metbugat ýygnagynda aýdan habary Oraza baýramy mynasybetli yglan edilen gysga wagtlyk ýaraşykdan soň ýene 10 gün uzaldylan ýaraşygy we owgan güýçlerine “Talybana” garşy opersiýalary togtatmak barada berlen buýrugy ýatyrýar.

“Ýaraşyk tamam boldy. Owgan howpsuzlyk we goranyş güýçlerine harby operasiýalaryny gaýtadan başlamaga rugsat berilýär” diýip, Gani žurnalistlere aýtdy.

"Olar öldürmegi dowam etdirmek isleýärmi ýa-da parahatçylyk prosesine goşulmak, bu indi “Talybanyň” öz karary” diýip, ol aýtdy.

15-17-nji iýundaky ýaraşyk wagtynda iki tarap esgerleriň we “Talyban” söweşijileriniň birnäçe welaýatda bir-birleri bilen salamlaşyp, gujaklaşyp, özlerini surata düşüşlerini görkezýän suratlaryny, wideolaryny sosial ulgamlarda ýerleşdirdi.

XS
SM
MD
LG