Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň, Özbegistanyň prezidentleri Berdimuhamedowy gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putine güjük sowgat berýär. Soçi, 11-nji oktýabr, 2017
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putine güjük sowgat berýär. Soçi, 11-nji oktýabr, 2017

TDH 29-njy iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putiniň, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon söhbetdeşliginiň bolandygyny habar berýär.

Bu söhbetdeşlikler G.Berdimuhamedowyň doglan gününde, Moskwanyň we Daşkendiň inisiatiwalary bilen guraldy.

W.Putin türkmen kärdeşini “doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi” diýip, habarda aýdylýar.

Berdimuhamedow rus kärdeşine gutlagy we atasy Berdimuhamet Annaýewi “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanandygy üçin sagbolsun aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak barada maslahat etdiler.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we onuň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG