Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kişinewda suduň häkim saýlawlarynyň netijelerini ýatyrmagyna garşy protest geçdi


Abraý we Adalat Platformasynyň lideri Andreý Nastase.
Abraý we Adalat Platformasynyň lideri Andreý Nastase.

Moldowanyň paýtagtynda on müňlerçe demonstrant geçen aý geçirilen häkim saýlawlarynyň netijeleriniň ýatyrylmagyna garşy protest geçirmek üçin, ýene-de köçelere çykdylar.

Kişinewdäki demonstrasiýalar günbatara ýykgyn edýän oppozisiýa liderleri we graždançylyk jemgyýetleriniň wekilleri tarapyndan gurnaldy. Olar Abraý we Adalat Platformasynyň lideri Andreý Nastaseniň saýlawlardaky ýeňişiniň ykrar edilmegini we ses berlişigiň netijelerini ýatyran Ýokary suduň ýedi kazysynyň jogapkärçilige çekilmegini talap edýärler.

Nastase 3-nji iýunda geçirilen saýlawlarda sesleriň 52,5%-ni alyp, Russiýa bilen has ýakyn gatnaşyklaryň tarapynda çykyş edýän, Sosialist partiýasynyň kandidaty Ion Sebandan üstün çykypdy.

Emma, 19-njy iýunda Ýokary sud – dalaşgärleriň ikisiniň hem saýlaw güni sosial ulgamlary arkaly adamlary saýlaw uçastoklaryna çagyrandyklaryny, munuň hem bikanundygyny aýdyp – ses berlişigiň netijelerini ýatyrypdy.

Moldowalylar suduň bu kararyna garşy ençeme günläp protest geçirýärler.

XS
SM
MD
LG