Häkimiýetler gidro elektrik stansiýasynda bolan partlama sebäpli öçen togy dikeltjek bolup çytraşýan wagtynda Azerbaýjanyň paýtagtynyň köp ýerinde tok ikinji gezek öçüp, müňlerçe adamyň metro wagonlarynda galmagyna sebäp boldy.
Tomus howasynyň gyzmagy bilen, Bakuwda 3-nji iýulda bolan tok kesilmesi Azerbaýjanda onlarça ýyl içinde bolan we tutuş ýurdy garaňkylyga gaplan iň erbet tok kesilmesiniň birnäçe sagat yz ýanyna gabat geldi.
Bakuwyň köp bölegi ikinji gezek garaňkylyga gaplandy, metro ulgamy ýapyldy we otlularyň käbiri iki stansiýanyň aralygynda galyp, müňlerçe ýolagaçyny ewakuasiýa etmeli boldy.
Metro ýolbaşçylary biraz soň bu ulgamyň pesinden 4-nji iýula çenli ýapyk galjakdygyny aýtdylar.
APA.az habar gullugy 4-nji iýul güni irden Bakuwyň ähli ýerinde we ýurduň galan böleklerinde tok üpjünçiliginiň dikeldilendigini habar berdi.
Tok başda 3-nji iýul gijesi kesilip, tutuş ýurt tümlüge gaplandy. Häkimiýetler munuň sebäbini demirgazyk şäher Mingeçewirdäki gidro elektrik stansiýasynda bolan partlama bilen düşündirdiler.
Prezidentiň edarasy hem aşa yssy howanyň we howa sowadyjylaryň giňden ulanylmagynyň elektrik ulgamyna uly agram salandygyny aýtdy.
«Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi goňşy Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» Meniň tankyda bolmaýan dostlarym! Bir zada düşüniň. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi her aýyň başynda geçirilýär. Bu gezek bolsa, alty aýyň jemine bagyşlanylyp geçildi. Bärde siziň öz ýanyňyzdan oýlap tapýan «Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolan tolgunyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.» diýýän zadyňyz tasa gelenok. Ondan, beýle köpbilmiş bolsaňyz, ne sebäpden ýokary derejeli iki howpsuzlyk resmisine käýinç yglan edilenini aýdyň. Bize şol gyzykly. TDH-nyň materialyny eýläk-beýläk sözlerini üýtgedip, copy paste edeniňiz gyzykly däl,
TM-da in gimmat mal bazar Ashabat, 20 kg goyun 1,200 m shu gunki baha, welayatlarda arzan bolyar. Balkandaki habarjini kэyinj berin, nэdogri maglumat