Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa kult liderini jezalandyryp öldürdi


Şoko Asahara
Şoko Asahara

Tokionyň metrolarynda 1995-nji ýylda gazly hüjümi we beýleki jenaýatlary amala aşyran, "Ahyrýet güni" kultunyň lideri - Şoko Asahara, özüniň alty şärigi bilen jezalandyrylyp öldürildi. Bu barada Ýaponiýanyň Adalat ministrligi maglumat berdi.

Asahara anna güni irden Tokionyň tussaghanasynda öldürildi.

Aum Şinrikýo atly kultyň agzalary plastik gaplary sarin nerw gazy bilen dolduryp, olary Tokionyň metrolarynda ýerleşdirilipdiler. Ýaponiýanyň taryhyndaky iň erbet terror hüjümi hökmünde häsiýetlendirilen bu wakada 13 adam öldi, 6 müňden gowragy hem ýaralandy.

Gazdan zäherlenen adamlar dessine huşundan gidip, olaryň käbiri kör, käbirleri hem ysmaz boldy.

Kult başga jenaýatlary hem amala aşyrdy. Metro hüjümleri bilen birlikde, olaryň öldüren adamlarynyň sany 27-ä ýetdi.

Kultuň Ýaponiýada 10 müň, Russiýada hem 30 müň agzasynyň bardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG