Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa jeňçileri Russiýa bilen gepleşiklere dolandylar


Siriýaly bir oglan.
Siriýaly bir oglan.

Siriýanyň günorta-günbatar sebitlerindäki jeňçiler, mümkin yza çekilmeleri maslahat etmek üçin, Russiýa bilen gepleşiklere dolanandyklaryny mälim etdiler.

Mundan öň, Siriýanyň Iordaniýa we Ysraýylyň gözegçiligindäki Golan Beýiklikleri bilen araçäkleşýän sebitlerindäki 30 şäheri hökümetiň kontrollygyna geçirmek ugrunda alnyp barylýan gepleşikler togtadylypdy.

Russiýanyň araçylyk etmeginde geçirilen gepleşikler 4-nji iýulda togtadylandan soň, rus we siriýa güýçleri jeňçileriň gözegçiligindäki sebitlere güýçli depginli hüjümleri amala aşyryp başladylar.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň günorta-günbatar sebitlerini doly öz gözegçiligine geçirmegi maksat edinýär. Bu ýerler jeňçileriň Siriýadaky soňky berkitmeleriniň biridir.

XS
SM
MD
LG