Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran 2017-nji ýyldaky YD hüjümleri üçin 8 adamy asyp öldürdi


Eýran YD hüjüminde aýyplanýan 8 adamy asyp öldürdi.
Eýran YD hüjüminde aýyplanýan 8 adamy asyp öldürdi.

Eýran 2017-nji ýylda “Yslam döwleti” toparynyň parlamente we yslam respublikasynyň esasyny goýujy aýatolla Ruholla Homeýniniň Tährandaky guburyna eden hüjümleri sebäpli günäli tapylan sekiz adamy jezalandyryp öldürendigini aýdýar.

Eýran sudy ol sekiz adamyň gürrüňi edilýän ganly hüjümi amala aşyran adamlar bilen bilelikde işländigini, olary ýarag, maliýe serişdeleri bilen üpjün edendigini aýtdy diýip, “Mizan” habar gullugy 7-nji iýulda habar berdi. Şeýle-de “Mizan” jezalandyrylyp öldürilenleriň atlaryny sanaýar, emma olaryň hökümleriniň haýsy ýerde ýerine ýetirilendigini aýtmaýar.

2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda Eýranyň parlamentinde we Homeýniniň guburynda guralan hüjümlerde azyndan 17 adam öldi we 40-dan gowrak adam ýaralandy.

Bu Eýranda YD-nyň jogapkärçiligini üstüne alan ilkinji hüjümi boldy.

XS
SM
MD
LG