Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewanyň häkimi wezipesinden çekildi


Taron Markariýan
Taron Markariýan

Ermenistanyň paýtagty Ýerewanyň täsirli häkimi wezipesinden çekildi. Bu köpçülikleýin köçe protestleriniň netijesinde oppozisiýa lideri Nikol Paşiniýanyň häkimiýet başyna geçmegi bilen, ýurtda başlanan syýasy özgerişleriň fonunda bolup geçdi.

Taron Markariýan öz beýanatynda wezipesinden çekilmeginiň sebäpleri barada hiç zat aýtmady.

Iýunyň ortalarynda ýurduň Milli howpsuzlyk gullugy Markariýanyň gözegçiligindäki munisipal fondlaryny derňäninden soň, paýtagtyň häkimi basyş astyna düşüpdi. Ýerewanyň fondunyň direktory we ýene birnäçe resmisi gurluşyk rugsatnamalary üçin pul serişdelerini soramakda aýyplanyp, tussag edilipdiler.

Markariýan iki hepde töweregi köpçülikde görünmedi. Markariýan ozalky häkimiýet başyndaky Respublikan partiýanyň täsirli agzasy bolup, ol öňki premýer-ministriň hem oglydyr. Ol 2011-nji ýyldan bäri Ýerewanyň häkimi bolup işläpdi.

Paşiniýan maýda häkimiýet başyna geçip, ýurduň syýasy durmuşyny sarsdyrdy.

XS
SM
MD
LG