Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda bomba partlamasynda wepat bolanlaryň sany 20 adama ýetdi


Pakistanyň "Awami milli partiýasynyň” (ANP) lideri Haroon Bilour, Peşawar, 25-nji aprel, 2018

Pakistanda saýlaw bilen bagly ýörişde janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan bomba partlamasynda wepat bolanlaryň sany 20 adama ýetdi. “Talyban” topary bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Janyndan geçen hüjümçi 10-njy iýulda Peşawar şäherinde “Awami milli partiýasy” (ANP) tarapyndan guramalaşdyrylan ýörişe garaşýan märekä hüjüm etdi.

Pakistanyň “Talyban” toparynyň metbugat wekili Mohammad Hurasaniniň 11-nji iýulda ýaýradan beýanatynda aýtmagyna görä, ANP partiýasyna edilen hüjümde welaýatyň kanun çykaryjy organyndaky orna dalaş eden kandidat Haroon Ahmed Bilour öldürilipdir we ýene 65 adam ýaralanypdyr.

Bilouryň kakasy Başir Ahmed Bilour 2012-nji ýylda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjüminde wepat bolupdy.

Bomba partlamasyndan birnäçe sagat öň Pakistanyň goşunynyň metbugat wekili general-maýor Asif Ghafoor 25-nji iýula planlaşdyrylan milli saýlawlaryň öňýanynda howpsuzlyk töwekgelçiligi barada duýduryş edipdi.

XS
SM
MD
LG