Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen emeldarlary dynç alyşda sport maşklaryny ýerine ýetirdiler, aralarynda prezident görünmedi


Prezident Berdimuhamedow sport lybaslaryny gözden geçirýär. Arhiw suraty
Prezident Berdimuhamedow sport lybaslaryny gözden geçirýär. Arhiw suraty

Türkmen telewideniýesi 13-nji iýulda ýurduň ýolbaşçy düzümleriniň tomusky dynç alşy barada maglumat berip, ministrleriň we güýç gurluşlarynyň başlyklarynyň hazaryň kenaryndaky “Awaza” dynç alyş zolagynda ýerleşýän sport zalynda dürli maşklary ýerine ýetirişlerini, woleýbol oýnaýyşlaryny, aýallaryň bolsa şaşka oýnaýyşlaryny görkezdi.

Emma, öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu gezek maşk edýän ýolbaşçylaryň arasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi welin görünmedi.

Mundan ozal ýolbaşçylar şeýle maşklary prezidentiň öz ýolbaşçylygynda ýerine ýetirýärdiler.

Ozal habar berlişi ýaly, prezident Berdimuhamedow 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda ýolbaşçylara 9-njy iýuldan 23-nji iýula çenli tomusky dynç alşa çykmaga rugsat berdi we olaryň “Arçman”, “Ýyly suw” kurortlarynda we beýleki ýerlerde dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow Türkmenbaşa 6-njy iýulda Tatarystana iş saparyny edip, agtygy Kerimguly bilen Kazanda dünýä futbol çepmionatynyň ýaryşlarynyň birine tomaşa edeninden soň geldi.

Soňra telewideniýe prezidentiň agtygy bilen goşgy, aýdym ýazyp, ony ýerine ýetirişini görkezdi, şeýle-de Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň dowamynyň üstünde işleýşini, “Amul-Hazar” rallisiniň geçjek ýollarynyň görmäge baryp, žurnalistlere “öz ýasaýan” ýaryş maşyny hakynda gürrüň berşini görkezdi.

XS
SM
MD
LG