Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Owganystanda öldürilen parahat adamlaryň sany rekord derejelere ýetdi


Haska Mina etrabynda howa zarbasyndan ýaralanan oglan. Jalalabad, 2-nji ýanwar, 2018 ý.
Haska Mina etrabynda howa zarbasyndan ýaralanan oglan. Jalalabad, 2-nji ýanwar, 2018 ý.

Birleşen milletler guramasy Owganystanda öldürilen parahat adamlaryň sanynyň, geçen aýdaky ýaraşyga garamazdan, ýylyň birinji ýarymynda rekord derejä ýetendigini aýdýar.

Öldürilenleriň sany 1% köpelip, 1,692 adam boldy, ýaraly bolanlar 5% azalyp, 3,430 adam boldy diýip, BMG-niň Owganystandaky Kömek missiýasynyň parahat adamlaryň ölümi boýunça 15-nji iýulda çap eden soňky hasabatynda aýdylýar.

Owganystanda parahat adamlaryň öldürilmegini sistemalaýyn hasaba almak 2009-njy ýylda başlandy we, BMG-niň aýtmagyna görä, bu alty aýda öldürilen parahat adamlaryň iň kän görkezijisi bolup durýar.

Umuman alnanda, pidalaryň sany 3% kemeldi.

Hasabatda Kabul, Nangarhar, Farýab, Helmand we Kandahar welaýatlarynda ýaşaýan parahat adamlaryň has kän zorluk-sütem ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.

Şaýy zyýarathanalaryna, hökümet binalaryna, kömek guramalarynyň ofislerine we saýlawçylary hasaba alýan merkezlere edilen hüjümlerde ýüzlerçe parahat adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG