Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp: ABŞ-Orsýet gatnaşyklary hiç haçan şu derejedäki ýaly ýaramaz bolmandy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we rus prezidenti Wladimir Putin. Wýetnam. 11-nji noýabr, 2017 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen ýene birnäçe sagatdan özleriniň ilkinji ikitaraplaýyn duşuşygyny geçirerler.

Tramp bilen Putin Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkidäki Prezident köşgünde hem duşuşarlar.

Tramp we Putin Helsinkidäki sammite taýýarlanýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:05 0:00

Mundanam başga, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen rus baş diplomaty Sergeý Lawrow hem gepleşik geçirerler.

Tramp 15-nji iýulda Helsinkä geldi.

“Birleşen Ştatlaryň köp ýyllar bäri dowam eden samsyklygy we akmaklygy, şeýle-de häzirki wagtdaky ‘Jadygöý awy!’ sebäpli biziň Orsýet bilen gatnaşyklarymyz HIÇ HAÇAN şu derejedäki ýaly ýaramaz bolmandy” diýip, 16-njy iýulda Tramp Birleşen Ştatlaryň ýörite prokurory Robert Muelleriň derňewlerine salgylanyp, Twitter sosial ulgamynda ýazanda tweetinde belledi.

Bu duşuşyk Sowuk urşundan bäri Birleşen Ştatlar bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň iň bir dartgynlaşan mahalyna gabat geldi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar 2014-nji ýylda Orsýetiň Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa etmegi; Moskwanyň gündogar Ukrainadaky konfliktde separatistleri harby, ykdysady we syýasy taýdan höweslendirmegi; Orsýetiň 2016-njy ýylda Birleşen Ştatlarda geçirilen prezident saýlawyna goşulyşmagy; şeýle-de, Siriýadaky raýat urşy we Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek bilen baglanyşykly ýiti gapma-garşylyklar sebäpli dartgynlaşypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG