Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň günortasyndaky hüjümlerde onlarça adam öldi


Sweida şäherinde janyndan geçeniň amala aşyran bomba hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçleri wakanyň bolan ýerine barýar. 25-nji iýul, 2018 ý.
Sweida şäherinde janyndan geçeniň amala aşyran bomba hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçleri wakanyň bolan ýerine barýar. 25-nji iýul, 2018 ý.

Siriýanyň günortasyndaky Sweida şäherinde we onuň töwereginde yzly-yzyna bolan hüjümlerde onlarça adam öldi we ýaralandy diýip, synçy topar habar berýär.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, hüjümlerde azyndan 32 adam, şol sanda Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary öldi we başga-da 30 çemesi adam ýaralandy.

Döwlet eýeçiligindäki “SANA” habar agentligi hüjümleriň birinde janyndan geçen bombaçynyň gyzgalaňly bazarda özüni partladandygyny habar berdi. Başga-da iki bombaçy janyndan geçip, özüni partlatmazdan öň, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.

Şeýle-de, Siriýanyň döwlet telewideniýesi “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň Sweidanyň demirgazyk-gündogaryndaky üç oba hüjüm edendigini hem habar berdi.

Ýakynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadayň hökümetine wepaly güýçler pitneçileriň kontrollygyndaky territoriýalaryň gözegçiligini yzyna aldylar we olar indi sebiti “YD” söweşijilerinden arassalamaga synanyşýarlar.

XS
SM
MD
LG