Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak figuraçy sportsmeniň öldürilmegi bilen ilteşikli üçünji şübheli tussag edildi


Gazagystanda buzda figuralaýyn taýmakda olimpiýa medalisti Denis Teniň öldürilmegi bilen baglanyşykly üçünji şübheli tussag edildi.

Gazagystanyň baş prokurorynyň orunbasary Marat Ahmetžanowyň 27-nji iýulda beren maglumatyna görä, şübhelä jenaýat barada habar bermezlikde günä bildirildi. Şübheliniň şahsyýeti köpçülige mälim edilmedi.

Geçen hepde gazak häkimiýetleri bu jenaýat işi boýunça iki şübheliniň – Nuraly Kiýasowyň we Arman Kudaýbergenowyň – tussag edilendigini we olara Teni öldürmekde günä bildirilendigini aýtdylar.

Polisiýanyň maglumatyna görä, Ten öz ulagynyň yzky aýnasyny ogurlamaga synanyşan iki nämälim adama garşylyk görkezende pyçaklandy.

Buzda taýmak boýunça figuraçy sportsmen Denis Ten 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bürünç medala eýe bolupdy. 2013-2015-nji ýyllarda ol Dünýä çempionatynda bürünç we kümüş medallarynyň ýeňijisi bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG