Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmrenistan Demirgazyk Koreýa bilen energiýa, transport, agrar hyzmatdaşlygyny etmekçi


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew

Demirgazyk Koreýa we Türkmenistan iki sany ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekdi we dürli ugurlar, şol sanda energiýa, transport we oba hojalygy pudaklaryna hyzmatdaşlyk eder diýip, www.nknews.org neşiri Türkmenistanyň daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

Phenýanda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygynda guralan sapar mahalynda gol çekilen dokumentler iki tarapyň syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek ähtnamasyndan we iki ministrligiň arasyndaky hyzmatdaşlyk programmasyndan ybarat.

Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habar gullugynyň, KCNA-nyň maglumatyna görä, Hajyýew dördünji gün Demirgazyk Koreýanyň daşary işler ministri Ri Ýoň Ho bilen duşuşdy, şeýle-de türkmenistanlylar daşary işler ministriniň orunbasary Sin Hoň Çol we daşary ykdysady gatnaşyklar ministriniň orunbasary Ri Kwaň Gun bilen duşuşyp, “özara hyzmatdaşlyk meselelerini” maslahatlaşdylar.

KCNA Hajyýewiň Aşgabada dolanan güni ýurduň Ýokary halk assambleýasynyň prezidiumynyň başlygy Kim Ýong Namyň Türkmenistanyň Koreýa Halk demokratik respublikasyndaky türkmen ilçisi Çynar Rüstemowanyň ynanç hatyny kabul edendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG