Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik resmileri dört daşary ýurtlyny öldüren hüjüme terrorizmiň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar


Täjigistandaky ýowuz wakada ýaralanan daşary ýurtlylaryň birine saglyk kömegi berilýär.
Täjigistandaky ýowuz wakada ýaralanan daşary ýurtlylaryň birine saglyk kömegi berilýär.

Täjik resmileri ýurduň günortasyndaky ýolda üstüne ulag sürlüp, soňra ýaragly we pyçakly azyndan bir hüjümçi tarapyndan hüjüm edilen tigirli dört daşary ýurtly adamyň öldürilmegine terrorizmiň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimowyň 30-njy iýulda Duşenbede beren maglumatyna görä, iki amerikan, bir golland we bir şweýsar raýatlarynyň ölümine sebäp bolan wakany derňemek üçin hökümet resmilerinden ybarat ýörite topar döredildi.

29-njy iýulda ýerli wagt bilen 15:30 töweregi täjik paýtagtynyň ortaça 150 kilometr günortasyndaky Hatlan regionynyň Dangara etrabynda bolan wakada başga-da azyndan üç daşary ýurtly ýaralandy.

Ýerli ýaşaýjylar ýaralanan daşary ýurtlylara kömek edýärler.
Ýerli ýaşaýjylar ýaralanan daşary ýurtlylara kömek edýärler.

“Daşary ýurtly turistleriň üstüne ulag süren sürüji we ýolagçylar ulagdan çykyp, [tigirçilere] ot açýan ýarag we pyçak bilen hüjüm etdiler” diýip, Rahimow aýtdy. Ol hüjümden soň, ulagyň wakanyň bolan ýerinden gidendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

"Öldürilenleriň teninde pyçak ýaralary bar" diýip, Hatlon regionynyň Saglyk departamenti aýtdy.

Welosipedçileriň üçüsiniň wakanyň bolan ýerinde ölendigi yglan edildi. Olaryň dördünjisi keselhanada aradan çykdy.

Täjik içeri işler ministri Rahimow bu waka boýunça derňew işleriniň ýurduň prezidenti Emomali Rahmanowyň şahsy kontrollugynda amala aşyrylýandygyny mälim etdi.

Täjigistanda öldürilen daşary ýurtly welosipedçileriň tigirleri
Täjigistanda öldürilen daşary ýurtly welosipedçileriň tigirleri

Häkimiýetler bu waka bilen ilteşikli dört adamyň tussag edilendigini we başga-da iki sanysynyň howpsuzlyk güýçlerine garşylyk görkezmegi netijesinde öldürilendigini aýtdylar.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň 30-njy iýulda beren maglumatyna görä, bu waka bilen ilteşikli dört tajik raýaty tussag edildi. Olaryň biri Duşenbe şäheriniň raýaty H.Abdusamadow bolup, beýleki ikisi Kulýab şäheriniň we biri Jeýhun raýonynyň ýaşaýjylary bolup, olar gürrüňi edilýän waka gatnaşygy bolan “topar bilen aragatnaşykda” şübhelenilýär.

Täjik polisiýasy Torbulok obasyndan tapylan ulagyň daşary ýurtly welosipedçileriň üstüne sürlen ulag bolup biljekdigine ynanýandygyny mälim etdi.

“Lohur Dangarin raýonynyň Torbulok obasynda geçirilen operatiw-gözleg işleriniň dowamynda ‘Daewoo Leganza’ markaly awtoulag ele salyndy. ‘74-98 ВН 03’ döwlet belgili ulag 1997-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda doglan Ýusupow Jafariddin Sadriddinowiçe degişli bolup, ulagdaky zeperler onuň daşary ýurtly syýahatçylaryň üstüne sürlen bolmagynyň ähtimaldygyny delillendirýär” diýip, täjik Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

XS
SM
MD
LG