ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “öňünden hiç hili şert goýmazdan” Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşyp, iki ýurduň gatnaşyklaryny gowulandyrmak barada gepleşik geçirmek isleýändigini aýtdy.
“Men islendik adam bilen duşuşaryn. Men gepleşiklere ynanýaryn” diýip, Tramp Waşingtonda çykyş etdi.
Ol duşuşyk üçin öňünden hiç hili şertleriň gerek bolmajakdygyny hem sözüne goşdy: “Men olaryň islän pursady duşuşmaga taýýar. Men muny güýç ýa-da gowşaklyk nukdaýnazaryndan etmeýärin. Ýok, öňünden hiç hili şert gerek däl. Eger-de olar duşuşmak isleseler, men duşuşaryn. Olaryň islän wagty”.
Eýranyň liderleri Trampyň teklibini ret edip çykyş etmediler.
Ýatlatsak, Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýylda baglaşylan Eýranyň Ýadro ylalaşygyndan çykarypdy.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!