Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik hökümeti gadagan edilen yslam partiýasyny daşary ýurtlylary öldürmekde aýyplaýar


Täjigistanda öldürilen daşary ýurtly welosipedçileriň tigirleri
Täjigistanda öldürilen daşary ýurtly welosipedçileriň tigirleri

Täjik hökümeti 29-njy iýulda daşary ýurtly dört welosipedçiniň ölümine getiren hüjümiň arkasynda ýurtda gadagan edilen Täjigistanyň Yslam Galkynyş partiýasynyň durandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrligi özüniň 31-nji iýulda ýaýradan beýanatynda hüjümçilere gürrüňi edilýän partiýanyň bir agzasynyň ýolbaşçylyk edendigini aýtdy. Bu maglumatlaryň tussag edilen bir şübheli bilen geçirilen soragda anyklanandygy mälim edilýär.

Ministrlik toparyň lideriniň – 33 ýaşyndaky Hussein Abdusamadowyň – “Eýranda tälim alandygyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, beýanatda hüjümçileriň ýekşenbe güni amala aşyrylan hadysadan soň, Owganystana aşmakçy bolandyklary hem mälim edilýär.

Täjik häkimiýetleri bu öňe sürmeler dogrusynda häzirlikçe hiç bir delil görkezmediler.

Bu waka gatnaşygy bolmakda güman edilýän azyndan dört adam polisiýa ofiserleri tarapyndan öldürildi we başga-da bäş şübheli tussag edildi diýip, täjik polisiýasy aýtdy.

30-njy iýulda hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy. Ekstremistik toparyň “Amak” habar gullugy bu öňe sürmäni goldaýan hiç bir jikme-jik maglumat ýa-da delil görkezmedi.

Duşenbeden ortaça 150 kilometr günortadaky Hatlan regionynyň Dangara etrabynda hüjümçiler, ilki bilen, daşary ýurtlylaryň üstüne ulagy sürdüler, soňra-da hüjümçileriň azyndan biri olary ýaragdan atdy we pyçaklady.

Täjigistanyň kartasy
Täjigistanyň kartasy

Hüjümde iki ABŞ-ly, bir gollandiýaly we bir şweýsariýaly öldi we başga-da üç daşary ýurtly, şol sanda Fransiýanyň, Şweýsariýanyň, Gollandiýanyň raýatlary hem ýaralandy.

Täjik häkimiýetleri Täjigistanyň Yslam Galkynyş partiýasyny 2015-nji ýylda “terrorist guramasy” hökmünde häsiýetlendirip, gadagan edipdiler. Munuň yzýany bilen, onuň onlarça resmisi we agzasy hem tussag edilipdi. Şol wagta çenli Täjigistanyň Yslam Galkynyş partiýasy Merkezi Aziýadaky ýeke täk kanuny yslamçy partiýady.

Täjigistanyň Yslam Galkynyş partiýasy ilkinji gezek 1993-nji ýylda gadagan edilipdi. Ýöne 1990-njy ýyllarda bolan täjik raýat urşundan soň, 1998-nji ýylda bu partiýa gaýtadan kanunalaýyk diýlip kesgitlenipdi.

XS
SM
MD
LG