Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ prokurorlary Trampyň ozalky kampaniýa başlygynyň harajatlaryny äşgär edýärler


Paul Manafort
Paul Manafort

ABŞ-nyň prokurorlary Paul Manafortyň (Paul Manafort) kaşaň durmuşyny we çykdajylaryny has içgin açyp görkezdiler.

Bu prezident Donald Trampyň ozalky kampaniýa başlygynyň Ukrainanyň ozalky Russiýa tarapdar prezidenti üçin işläp gazanan millionlarça dollaryny daşary ýurt hasaplarynda gizläp, salgytdan gaçan adam hökmünde häsiýetlendirilmegi boýunça alnyp barylýan derňewiň çäginde amal edilýär.

Sud diňlenişiginiň ikinji gününde pokurorlar has köp hasaplaşyk kwitansiýalaryny we şaýatlaryň görkezmelerini getirdiler. Manafortyň ozalky ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç üçin işläp gazanan 60 million dollarynyň köp bölegi boýunça salgyt tölemändigi çaklanylýar.

Bu ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi Robert Muelleriň prezident Donald Trampyň ýaranlarynyň Moskwa bilen gatnaşyklary boýunça alyp barýan derňewiniň fonunda bolup geçýär.

Manaforta 18 madda boýunça bildirilýän aýyplamalar, onuň 2016-njy ýylda Trampyň prezidentlik kampaniýasyna ýolbaşçylyk eden döwründen has irki wagt aralygyny öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG