Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň welaýat paýtagtynda tapgyr ikinji gije protest bildirilýär


Eýran, Karajdaky protestçiler. 1-nji awgust, 2018.
Eýran, Karajdaky protestçiler. 1-nji awgust, 2018.

Sosial media maglumatlarynyň tassyklamagyna görä, Eýranyň Tähranyň golaýyndaky paýtagtynyň köçelerine çykan protestçiler indi ikinji gije ýurduň barha köpelýän ykdysady kynçylyklaryna gahar-gazaplaryny bildirýärler.

2-nji awgustda sosial mediada çap edilen wideolar Karajyň goňşusy Gohardaştdaky protestçileriň ruhanylaryň ýolbaşçylygyndaky döwlet gurluşyny agdarmaga çagyrýan şygarlara gygyryşlaryny görkezýär.

Widdeolaryň birinde adamlaryň gös-görnetin ýokary lider aýatolla Ali Hameneýini nazara alyp,“Diktatora ölüm!” diýip gygyryşlaryny görse bolýar.

Başga bir wideoda bolsa, polisiýanyň azyndan bir motosikletiniň burugsap ýanyp durşy görünýär.

Alborz welaýatynyň paýtagty Karjdaky protestler bilen bagly pidalar ýa tussag edilenler barada bada-bat maglumat çykmady.

Berilýän habarlara görä, şu hepde Eýranyň birnäçe şäherinde ýüzlerçe adam proteste toplandy. Olar inflýasiýanyň aşa ýokarlanmagynyň, milli pul rialyň aprelden bäri dollaryň garşylygyndaky hümmetini ýarpydan gowrak ýitirmeginiň çäginde dörän ykdysady kynçylyklardan şikaýat edýärler.

Birleşen Ştatlar maý aýynda Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykdy webu şertnamanyň çäginde Eýrana garşy ýatyrlan sanksiýalary gaýtadan girizjekdigini aýtdy. Netijede bu ýagdaý ýurduň milli pulunyň hümmetiniň barha beter aşak gaçmagyna alyp geldi.

XS
SM
MD
LG